Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Awaza sammitine gatnaşar

  • 03.08.2021 14:19
  • 11k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 6-njy awgustda Türkmenistana sapar bilen gelip, Awazada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp, Sputnigiň berýän maglumatynda Awaza duşuşygynyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleriniň ýokary derejeli geňeşmelerini geçirmek başlangyjy hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe degişlidir. Onuň 2017-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda öňe süren teklibiniň sebit döwletleri we halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanylmagy bu ýurtlaryň Baştutanlaryny 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda bolsa Özbegistanda duşurdy. Daşkentde geçirilen ikinji duşuşygyň Bilelikdäki Beýannamasynda sebitiň bäş döwletiniň Baştutanlary görnüşde ýokary derejedäki geňeşmeleri her ýylda yzygiderli guramagyň zerurdygy beýan edildi. Pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň Prezidentleri iki ýyldan soň, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda netijeli gepleşikleri geçirerler.


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......