BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen ýene bir Kararnamany kabul etdi

  • 02.08.2021 20:43
  • 12k+

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnama seredilendigi barada hasabat berdi.

48 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edilen bu Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmeginiň pandemiýany we onuň ykdysady hem-de sosial täsirlerini ýeňip geçmek boýunça halkara we sebit tagallalary bilen utgaşýan durnukly ösüş üçin halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesine aýawly çemeleşmesiniň ýene bir tassyknamasy boldy.
Bu Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün etmek baradaky Kararnamalaryň üstüni ýetirdi. Onda 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň ähmiýeti barada hem bellenilýär.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 15:51
3.4k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......