Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasynyň final tapgyryna çykyp bilmedi

  • 02.08.2021 17:58
  • 16k+

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşynda Türkmenistandan ýeke-täk wekil bolan Mergen Mämmedow final tapgyryna çykyp bilmedi. «B» Kwalifikasiýa toparynda çykyş eden türgen 15-nji netijäni görkezdi — 67,53 metr. Jemleýji tapgyrda çykyş edýän 12-lige girmek üçin bu görkeziji ýeterlik bolmady.
Kwalifikasiýa tapgyrynda iň gowy netijäni polşaly Woýseh Nowiskiý görkezdi — 79,78 metr. Ikinji ýerde amerikaly Rudi Uinkler — 78,81 m, üçünji ýerde norwegiýaly Eýwind Henriksen — 78,78 m.
Türkmen türgenleriniň Olimpiýa ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň dowamy barada bellesek, 3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.
4-nji awgustda bolsa, Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....