Rejepbaý Rejepow Olimpiýa ýaryşlarynda çykyşyny tamamlady

  • 01.08.2021 18:52
  • 29k+

Tokioda 81 kg çenli agram derejede erkekleriň arasynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistandan sportuň bu görnüşinde Rejepbaý Rejepow wekilçilik etdi.

Silterläp götermek boýunça ýaryşyň netijelerine görä, türkmenistanly türgen 164 kg agramy göterip, Olimpiadanyň bürünç medalyna dalaş etdi. Itekläp götermek boýunça ýaryşda türkmen türgeni 195 kg agramy iki synanyşykda hem alyp bilmedi, emma üçünji synanyşykda 198 kg agramy belletdi.
R.Rejepowyň ahyrky synanyşygy iň şowlusy boldy, ol 198 kg agramy göterip, wirtual jedwelde ikinji ýere süýşdi. Emma eminler topary bu netijäni bellige almady. Olaryň çykaran netijesine görä, Rejepbaý ştangany jaň sesine garaşman aşak düşüripdir. Ýagny, resmi taýdan ol agramy göterendigini bellige aldyryp bilmedi.
Şeýlelikde, türkmenistanly türgeniň üç synanyşygynyň üçüsi hem şowsuz bolup, jemleýji beýanda onuň görkezijileri hasaba alynmady.
Olimpiýa ýaryşynyň ýeňijisi hytaýly Lýu Sýaoszýun boldy. Kümüş medaly dominikanly Zakarias Bonnat (367 kg), bürünç medaly italiýaly Antonino Pissolato (365 kg) aldy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....