Apple kompaniýasynyň çärýek girdejisi 81,4 mlrd dollara çenli ýokarlandy

  • 29.07.2021 08:30
  • 3.1k+

Geçen çärýegiň jemi boýunça, Apple amerikan kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 36% ýokarlandy. Muny kompaniýanyň hasabaty delillendirýär.

26-njy iýunda tamamlanan üç aýlyk hasabat döwrüniň dowamynda Apple-iň girdejisi 81,4 mlrd dollara ýetdi. 2020-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 59,6 mlrd dollardan sähelçe geçýärdi.
Geçen çärýegiň jemi boýunça, kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 11,2 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 21,7 mlrd dollar boldy. Kompaniýanyň esasy önümi iPhone bolmagynda galýar, tutuş dünýäde bu smartfonlary satmakdan gelýän girdeji 39,5 mlrd dollara barabar boldy.
1976-njy ýylda esaslandyrylan Apple kompaniýasy iPhone, iPad planşetlerini, iMac kompýuterlerini, MacBook noutbuklaryny, iPod aýdym-saz pleýerlerini we beýleki ýokary tehnologiýaly tehnikalary öndürýär. Bu dünýädäki iň uly korporasiýalaryň biridir. “Forbes” žurnalynyň maglumatlary boýunça, onuň bazar kapitallaşdyrmasy, takmynan, 2,24 trln dollara barabar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....