Ýaponiýaly Nagase we fransuz Agbenýenu dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynyň altyn medalyny gazandylar

  • 28.07.2021 15:04
  • 3.2k+

Ýaponiýaly Takanori Nagase (81 kg) we fransuz Klariss Agbenýenu (63 kg) öz agram kategoriýalarynda dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynyň altyn medalyny gazandylar. 

Altyn medal üçin söweşde ýaponiýaly türgen Mongoliýanyň wekili Said Mollaýeni ýeňdi. Eks-eýranly Olimpiadanyň kümüş baýrakçysy boldy. Bürünç medallary Awstriýanyň wekili Şamil Borçaşwili we belgiýaly Mattias Kasse aldy. 
Zenanlaryň söweşinde Klariss Agbenýenu ýeňilmän finala çykdy we bu tapgyrda sloweniýaly Tina Trstenýagy ýeňdi. Trstenýak kümüş medala mynasyp boldy. Italiýaly Mariýa Çetraççi we kanadaly Katrin Buşemin ýaryşyň bürünç medalyny aldy.
Nagase 27 ýaşynda, ol Olimpiadanyň (2016) bürünç baýrakçysy, şeýle-de dünýä çempionatynyň (2015) altyn medalynyň eýesidir. 
Agbenýenu – fransuz dzýudosynyň taryhynda iň köp baýrakly türgen: 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş baýrakçysy, bäş gezek dünýä çempiony, dört gezek Ýewropa çempiony. 


18.04.2026 12:16
2.2k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

31.03.2026 07:17
2.5k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......

09.01.2026 12:11
11k+

PSŽ 90+5-nji minutda ýeňlişden gutulyp, penaltiler arkaly Fransiýanyň Superkubogyny gazandy

«Pari Sen-Žermen» (PSŽ) taryhynda 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. 8-nji ýanwarda Kuweýtiň bitarap meýdançasynda geçirilen final duşuşygynda parižliler «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa PSŽ 4:1 hasabynda üstün çykdy...