Erkekleriň we zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlaryň netijeleri

  • 28.07.2021 12:33
  • 5.7k+

Awstraliýanyň wekili Keýli Makkioun 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze rekord goýup, Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji 57,47 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny kanadaly Kaýli Mass (57,72), üçünji orny amerikaly Regan Smit (58,05) eýeledi.

Makkioun 20 ýaşynda, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynyň (2017, 2019) üç kümüş medaly, şeýle-de ýaşlaryň Olimpiýa oýunlarynyň (2018) altyn medaly bar.
Erkekleriň arasynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde russiýaly Ýewgeniý Rylow täze Ýewropa rekordyny goýup, Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýene bir russiýaly türgen Kliment Kolesnikow kümüş medala mynasyp boldy. 

Rylow 51,98 sekunt netijäni görkezdi. Kolesnikow watandaşyndan 0,02 sekunt yza galdy. Üçünji orny amerikaly Raýan Mýorfi (+0,21) eýeledi.
Rylow 24 ýaşynda. Ol 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynda iki ýeňşi we Ýewropa çempionatlarynda dört ýeňşi bar. 
Kolesnikow 21 ýaşynda, ol 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy, 50 m aralyga arkanlygyna ýüzmekde we 4x100 m kombinirlenen estafetada dünýä çempionatynyň bürünç baýrakçysy, alty gezek Ýewropa çempiony boldy. Kolesnikowa 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordy (23,80) degişli.


şu gün 17:05
6.2k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

şu gün 16:54
1.7k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

02.07.2025 11:06
1.6k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin...

30.06.2025 11:22
2.1k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)...