FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

  • 25.07.2025 16:54
  • 5.6k+

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy. Bu ada eýe bolan wagty ol 10 ýyl, 3 aý, 21 gün ýaşyndady.
Russiýanyň Küşt federasiýasy rekord baradaky maglumatyň Ginnesiň rekordlar kitabyna we Russiýanyň rekordlar kitabyna iberiljekdigini belledi.
Şogjiýew 10 ýyl, 8 aý we 16 gün ýaşynda halkara ussat bolan argentinaly Faustino Oronyň rekordyny täzeledi.
Şu ýylyň ýanwarynda Şogjiýew 9 ýyl 10 aý ýaşynda wagty halkara ussat adynyň birinji düzgünini ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy.
Halkara ussat – bu küşt dünýäsinde iň ýokary baýrak bolan grossmeýster adyny almak üçin möhüm ädimleriň biridir.


07.08.2025 16:27
19k+

Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy...

25.07.2025 17:05
19k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...