Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

  • 23.03.2025 12:11
  • 8.3k+

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen ol dünýä rekordyny goýdy. Bu baradaky habary Irkutsk oblastynyň gubernatory Igor Kobzew Telegram kanalynyň üsti bilen mälim etdi.

«Baýkalda ýene bir rekord – russiýaly Ýekaterina Nekrasowa gidrokostýumsyz, diňe lastlar bilen buzuň astynda 122 metr ýüzdi. Bu absolýut dünýä rekordydyr. Ýekaterinany gutlaýaryn!» — diýip, jenap Kobzew ýazdy.

Bu festiwal Irkutsk oblastynyň Listwýanka obasynda geçirilýär. Oňa dürli ýurtlardan türgenler gatnaşýarlar. Şu ýyl Russiýadan, Horwatiýadan we Türkiýeden jemi 20 türgen gatnaşdy.
Bu festiwalda öň hem üç sany dünýä rekordy goýlupdy. Russiýaly türgen Olga Markina monolast bilen 71 metr çümmegi başardy. Ol 2021-nji ýylda goýan öz rekordyny täzeledi. Ozal onuň rekordy 63,8 metrdi. Horwatiýaly Sanda Deliýa bolsa lastsyz, diňe ýüp arkaly 55 metr çümüp, geçen ýylky 40 metrlik rekordyny täzeledi. Bu ugurda bolsa başga bir horwatiýaly türgen Witomir Mariçiç has ýokary netijäni görkezdi. Ol 62 metr çümüp, Sanda Deliýanyň rekordyny geçmegi başardy.


şu gün 12:15
1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....