Duşenbede Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasy geçiriler

  • 26.07.2021 16:30
  • 10k+

2021-nji ýylyň 26-27-nji iýulynda Duşenbe şäherinde "Haýýat ridjensi" myhmanhanasynda Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasy geçirilýär. Bu barada NIAT "Howar"-a salgylanyp, Trend habar berdi.

Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasy Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň Sebit Daşky Gurşaw Merkeziniň (CAREC) Daşky gurşawy goramak komiteti tarapyndan guralýar.
Daşky gurşawy goramak komitetinde habar berlişi ýaly, bu konferensiýa Merkezi Aziýanyň Sebit Daşky Gurşaw Merkeziniň (CAREC) işläp başlamagynyň 20 ýyllygyna gabat gelýär. Bu Merkez özboluşly wezipäni - daşky gurşawy goramak babatynda milli we sebit meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýardam bermek wezipesini ýerine ýetirýär.
Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasynda howanyň maliýeleşdirilmegi meselesine hem serediler, şeýle hem milli we sebit derejesinde howanyň üýtgemegi bilen bagly täsirleri gowşatmak üçin potensial maliýe çeşmeleri hödürlener.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.6k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....