Ýük daşamagyň halkara konwensiýalary we gümrük gözegçiligi

  • 20.07.2021 17:23
  • 5.2k+

Garaşsyz ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Bir penjire» ulgamyny döretmek boýunça amala aşyrylýan taslama uly ähmiýete eýedir.

Bu ugurda «Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu bolsa ýük daşamagyň halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Oňaýly konteýner usuly halkara ykdysady hojalygynda bähbitliligi taýdan-da bellidir. Konteýnerlerde her bir önümiň we harydyň bir görnüşde ýerleşmegi, olary ýük göterijileriň we düşürijileriň degişli ulag gatnawlaryna gysga wagtda ýerleşdirýänligi üçin örän amatlydyr. Ýurdumyzda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýan döwründe ulag-logistika ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy jähetden, konteýnerlerdäki önümleri we harytlary ýörite döwrebap enjamlar arkaly gözden geçirmegiň anyklygy we takyklygy mese-mälimdir. Bu synagdan geçen tejribe sanly ulgamyň üstünliklerini has-da ilerledýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......