Hytaý zyýanly zyňyndylar üçin paý satyp başlady

  • 22.07.2021 21:28
  • 8.5k+

Hytaýda Şanhaýyň ekologiýa we energetika biržasynyň onlaýn meýdançasynda (Shanghai Environment and Energy Exchange (SEEE) kömürturşy gazynyň zyňyndylary üçin paý (kwota) satar ýaly Emissions Trading Scheme (ETS) ulgamy işe girizildi. Häkimiýetleriň pikiriçe, täze mehanizm tebigatyň hapalanmagyna gözegçiligi güýçlendirer we milli kärhanalara “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge itergi berer. Bu barada Hytaýyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ministrligine salgylanyp, Xinhua agentligi habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Biržada söwda 16-njy iýulda bir paý üçin tonnasyna 48 ýuan (7,4 dollar) bolan başlangyç baha bilen başlady. Ilkinji şertnama 7,9 mln ýuana (1,2 mln dollar) baglaşyldy. 160 müň tonna kömürturşy gazy çykarmak üçin paýlar satyn alyndy.
Söwda gatnaşmak bilen, Hytaýyň kompaniýalary belli bir mukdarda zyňyndy hukugyna eýe bolýarlar. Hapalamak üçin ulanylmadyk hukuk oňa goşmaça zerurlygy bolan kärhanalara satylyp bilner. ETS ulgamyna CO2 zyňyndylarynyň umumy mukdary her ýylda dört milliard tonnadan geçýän iki müňden gowrak elektroenergetika pudagyndaky kärhana birikdi. Bu ulgama nebithimiýa we himiýa senagaty, gurluşyk we metallurgiýa pudagyndaky kärhanalar hem goşulmagy göz öňünde tutýarlar.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Çžao Imminiň aýtmagyna görä, milli uglerod bazarynyň açylmagy döwlete ekologiýa pudagynda öňde goýlan maksatlara ýetmäge: 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyny gazanmaga, 2060-njy ýyla çenli uglerod taýdan bitarap ýurt derejesine çykmaga kömek eder.


düýn 20:41
5.7k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......