Mersedes 2030-njy ýyla çenli elektrikli ulaglara doly geçer

  • 18.07.2021 10:09
  • 13k+

Germaniýanyň Mersedes-Benz kompaniýasynyň ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli ýangyçly hereketlendirijilerden doly ýüz öwürjekdiklerini mälim etdiler. Bu barada insideevs.ru habar berdi.

Daimler-iň baş direktory Ola Kellenius elektrikli ulaglara geçiş tizligini ep-esli çaltlaşdyrmak isleýär. Onuň aýtmagyna görä, täze strategiýa 22-nji iýulda hödürlener, žurnalistlere has jikme-jik maglumatlar hem şonda berler. Şeýle-de bolsa, 2024-nji we 2025-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen täze önümleri bir ýyl ir çykarmaga synanyşylar diýlip çaklanylýar.
Şereketiň adaty benzinli we dizelli awtoulaglardan başga-da, gibrid awtoulaglaryň önümçiligini hem bes etmek isleýändigini bellemek gerek. Markanyň başlygy doly elektrikli awtoulaglary öndürmegi berk niýetine düwüpdir. Emma hemme zat beýle bir aňsat hem däl. 2030-njy ýyla çenli ähli bazarlaryň elektrikli ulaglary üstünlikli ornaşdyrmak üçin ýeterlik infrastrukturasy bolman biler diýlip bellenilýär. Şonuň üçin hem Mersedes heniz öz öňünde kesgitli bir möhlet goýmaýar.


10.05.2026 21:39
3.7k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...