Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

  • 18.12.2025 12:17
  • 5.3k+

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar.

Bu karar awtokonserniň maliýe görkezijileriniň peselmegi sebäpli kabul edildi. "Financial Times" gazetiniň maglumatyna görä, Hytaýyň bazaryndaky söwdanyň gowşaklygy, Ýewropada islegiň azalmagy hem-de ABŞ-daky satuwa oňaýsyz täsir eden amerikan gümrük paçlary ýagdaýyň kynlaşmagyna sebäp boldy.
Şeýle-de, Volkswagen geljek bäş ýyl üçin niýetlenen, takmynan, 160 milliard ýewro möçberindäki maýa goýum býujetini paýlamakda kynçylyk çekýär. Kompaniýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň ulanyş möhletiniň uzaldylmagynyň mümkindigini hem hasaba alýar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl gaýtadan seredilýän maýa goýum möçberi azaldyldy. Mundan ozal, 2023–2027-nji ýyllar aralygy üçin bu görkeziji 180 milliard ýewro deňdi.
Oktýabr aýynda Volkswagen-iň maliýe direktory Arno Antlis kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky arassa pul akymynyň ozal çaklanylyşy ýaly nola golaý däl-de, az-kem oňyn bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, seljerijiler awtoulag öndürijisine bolan basyşyň dowam etjekdigini belleýärler.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......