Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

  • 20.01.2026 13:20
  • 10k+

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi.

Toyota we Lexus kompaniýalarynyň wekilleri bu funksiýanyň merkezi ulgam arkaly öçürilendigini tassykladylar. Beýle kararyň esasy sebäpleri - ýerli kanunçylyk ýaşaýyş nokatlarynda awtoulagyň hereketlendirijisini boş duran ýerinde işledip gyzdyrmagy gadagan edýär.
Karar şeýle hem daşky gurşawy goramak we artykmaç gaz çykarylyşynyň öňüni almak maksady bilen düşündirilýär.
Galyberse-de, hereketlendirijiniň sesi we gazlary ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda goşmaça bökdençlik döredýär.
Uzakdan otlamak funksiýasy ýatyrylandan soň, benzinli ulaglaryň eýeleri salony öňünden gyzdyryp ýa-da sowadyp (klimat-kontrol) bilmeýärler.
Emma bu çäklendirme elektromobiller we gibridler üçin degişli däl. 
Bu ulaglar salony içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini işletmezden, diňe elektrik energiýasynyň hasabyna gyzdyryp bilýändigi üçin gadagançylyga degişli däl.
Hünärmenler uzakdan otlaýyş ulgamynyň ýerine Webasto ýaly özbaşdak işleýän awtonom gyzdyryjylary gurnamagy maslahat berýärler. Bu enjamlar göni hereketlendirijini işletmezden salony gyzdyrmaga mümkinçilik berýär we olar Germaniýadaky täze gadagançylygyň täsirine düşmeýärler.


düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....