Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşmek üçin Bütindünýä bankyndan 20 million dollar karz serişdesini alar

  • 17.07.2021 12:30
  • 37k+

16-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdysadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen “Netijeleri bermek barada Ylalaşygy” baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de “COVID-19-a” garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.


şu gün 19:44
859

2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek boýunça Aşgabatda maslahat geçirildi

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy gurady. Maslahatyň esasy mowzugy 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek baradaky maksada ýetmek üçin görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy...

16.02.2026 14:19
4.2k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy...

14.02.2026 10:55
16k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi...

11.02.2026 13:11
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...