Eşli Barti — Uimbldon-2021-iň ýeňijisi

  • 11.07.2021 07:59
  • 3.3k+

Uimbldon ýaryşynyň zenanlaryň arasynda ýekeleýin razrýadda final duşuşygynda awstraliýaly tennisçi Eşli Barti çehiýaly Karolina Plişkowany ýeňdi.

Türgenler Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) ýaryşlarynyň çäginde sekizinji gezek duşuşdylar. Awstraliýaly türgen altynjy gezek ýeňiş gazandy. Barti dünýä reýtinginde birinji ýerde ýerleşýär. Assosiasiýasynyň çäginde onuň eýýäm 12 tituly bar. Uimbldondaky ýeňiş Barti üçin «Uly tuwalga» ýaryşlaryndaky ikinji üstünligidir. 2019-njy ýylda ol Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiş gazandy.
2019-njy ýylda ýaryşda rumyniýaly Simon Halep ýeňiş gazandy. Halep bu gezekki ýaryşy şikes sebäpli goýberdi. Geçen ýyl Uimbldon ýaryşy pandemiýa zerarly ýatyrylypdy.


düýn 11:31
2.3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......