Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylara käýinç we duýduryş yglan etdi

  • 10.07.2021 00:31
  • 25k+

2021-nji ýylyň alty a­ýynyň jemlerine bagyş­lanyp geçirilen giňiş­leýin Hökümet mejlisi­nde Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylara käýinç we duýduryş yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda,

  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Orazdurdyýew Myratdurda käýinç yglan edildi;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Atamyradow Azat Silapowiçe berk käýinç yglan edildi;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiýewiçe duýduryş yglan edildi;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe duýduryş yglan edildi;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Nurmuhammedow Guwanç Halberdiýewiçe duýduryş yglan edildi;
  • wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe duýduryş yglan edildi.

şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......