Kosmetiki serişdeleriň kömegi bilen garramak hadysasynyň öňüni almak mümkin däl, çünki ol adamyň içinden başlanýar diýip, Sankt-Peterburgyň baş gerantology Wladimir Hawinson aýdýar. Garramak hadysasynyň garşysyna durmagyň ýeke-täk usuly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekdir diýip, «Nation News» ýazýar. Bu baradaky habary mir24.tv saýty paýlaşýar.
Garramagyň tizligi 30 göterim genetika, 15 göterimi saglygy goraýşa, 50 göterimi bolsa durmuş ýörelgesine baglydyr. Şoňa görä-de, günüň rejesini doly saklamaly, gündiz işläp, gije ýatmaly. Şeýle-de sagat 23:30-dan öň ýatmak maslahat berilýär, çünki gije sagat 12 bilen 3-iň aralygynda adam bedeninde endokrin ulgama täsir edýän melatoninler işlenip çykarylýar.
Ýewropada gije işlemek töwekgelçilikli hadysa hasaplanýar. Çünki käbir barlaglar bu ýagdaýyň düwnük keseliniň dürli görnüşlerini döredip bilýändigini subut edýär. Kadaly iýmitlenmek hem esasy görkezijidir. Bilermenler ýagdyr uglowodlaryň möçberini azaltmagy, ýagly naharlardan, süýji zatlardan el çekmegi we gök önümlerdir miweleri has köp iýmegi maslahat berýärler. Uly ýaşly adamlara goýnuň we doňzuň etiniň ýerine ak et ýa-da balyk iýmek zerur hasaplanýar.
Fiziki işjeňlik hem möhümdir, ýöne belli bir ýaşdan soň ekstremal güýmenjelerden el çekip, ýöremek, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine geçmek zerur.