Türkmen Lideri «Rahat» atly täze gämide ilkinji bolup gezelenç etdi

  • 08.07.2021 11:19
  • 11k+

7-nji iýulda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan «Rahat» atly täze ýolagçy gämisi ilkinji gezek ýüzüşe goýberildi. Şu mynasybetli guralan çärä Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen Lideri gatnaşdy.

TDH-niň habar berşi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr. Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämi rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak  üçin zerur şertler bilen üpjün edilipdir. Kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga bolan ukyby, şeýle hem gäminiň tehniki görkezijilerine we häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti täze gämä mündi we ol gojaman Hazaryň giňişligi boýunça ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy. Gämili gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany egindeşleri bilen türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginde alnyp barylýan netijeli işleri yzygiderli dowam etmek, Hazaryň ekologiýasynyň ýokary derejesini, onuň biodürlüligini saklamak we künjegiň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......