Türkmenistanyň Prezidenti deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etdi

  • 08.07.2021 11:14
  • 9.6k+

7-nji iýulda — Balkan welaýatyna iş saparynyň soňky gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklary ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.

Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde, jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde welosiped sportuna möhüm ornuň degişlidigini belleýän türkmen Lideri sportuň bu görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, welosipedli gezelençleriň wagyz edilmegine möhüm  ähmiýet berýär.
Welosiped sporty bilen meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýandygy jedelsiz ýagdaýdyr. Ylmy taýdan tassyklanylyşy ýaly, adam welosipedi sürende bedeniniň ähli möhüm agzalaryny işledýär. Bu bolsa onuň gujur-gaýratyny artdyrýar, güýçlenmegini şertlendirip, ruhy ýagdaýyny gowulandyrýar, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini peseldip, gan basyşynyň durnuklaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär. Welosipediň çarhlarynyň sazlaşykly towlanmagy beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Munuň özi pikirleniş ukybyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady.


09.03.2026 03:24
7.9k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

8-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi...

09.03.2026 03:19
8.5k+

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady

Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi...

09.03.2026 01:39
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 7-nji martda Arkadag...

01.03.2026 21:44
9.2k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi...