Eýran COVID-19-a garşy sanjymy eksport ediji bolar

  • 05.07.2021 14:19
  • 5.2k+

Eýran diňe bir içerki talaplary kanagatlandyrman, eýsem koronawirusa garşy sanjymy eksport edijileriň biri bolar. Bu barada Eýranyň Paster adyndaky institutynyň müdiri Alireza Biglari habar berdi diýip, Yslam Respublikasynyň habarlar agentligine salgylanyp, Trend belleýär.

“Öňümizdäki aýlarda diňe bir koronawirusa garşy umumy sanjym bolman, eýsem Eýranyň hem öz sanjymlaryny eksport edip bilmegine garaşylýar” – diýip, ol belledi.

Ol Eýranyň Paster instituty tarapyndan döredilen “BCG” (“БЦЖ”) inçekesele garşy eýran sanjymynyň hem beýleki ýurtlarda millionlarça adamyň janyny halas edendigini ýatlady.
26-njy aprelde Yspyhanyň lukmançylyk uniwersitetinde Eýrandaky Paster institutynyň we Kubadaky Finli institutynyň koronawirusa garşy sanjymynyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyry başlandy. 
Yspyhanda, Babolda, Bender-Abbasda, Zanjanda, Saride, Kermanda, Hemedanda we Ýezdde 24 müň meýletinçi eýran sanjymynyň birinji dozasyny aldy.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...