R.Meredow türkiýeli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 04.07.2021 19:37
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkiýäniň Baştutanynyň Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyk meselesini maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler daşary syýasy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar halkara formatlardaky hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynyň ähmiýetini bellediler.


şu gün 19:44
402

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 18:57
1.5k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....