BSGG Hytaýy gyzzyrmadan azat ýurt diýip yglan etdi

  • 02.07.2021 20:24
  • 7k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Hytaýy gyzzyrmadan azat ýurt diýip ykrar etdi. Bu barada Ženewada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi we Pekini howply kesel bilen onlarça ýyllap dowam eden agyr göreşden soň gazanan üstünligi bilen gutlady. Muny TASS ýetirýär.

“Şu gün biz Hytaý halkyny ýurduň gyzzyrma keselinden halas bolmagy bilen gutlaýarys. Bu üstünlik uly zähmetiň esasynda we onýyllyklaryň dowamynda alnyp barlan maksadalaýyk hem-de yzygiderli hereketlerden soň gazanyldy” – diýip, ol belledi. BSGG-niň ýolbaşçysy HHR-iň mundan beýläk “gyzzyrmadan azat geljegiň – hakyky maksatdygyny bütin dünýä görkezýän ýurtlaryň hataryna goşulýandygyny” hem belläp geçdi.  

Hytaý Günbatar-Ýuwaş ummany sebitinde soňky otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda gyzzyrmanyň ýok edilendigi barada BSGG-niň şahadatnamasyna mynasyp bolan ilkinji döwletdir. Şeýle derejä eýe bolmak üçin ýurt azyndan geçen üç ýylyň dowamynda çäginde keseliň ýerli geçiş zynjyrynyň bolmandygyna jedelsiz subutnamalary bermeli. Öň BSGG dünýäde 40 döwleti gyzzyrmadan azat diýip ykrar edipdi. 
BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda bellenilişi ýaly, geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Hytaý her ýyl 30 mln gyzzyrma bilen keselleme ýagdaýyny habar berýärdi. 1950-nji ýyllardan bäri Hytaýyň saglygy goraýyş edaralary öňüni almak üçin dermanlary ýaýratmak bilen bir hatarda, gyzzyrma garşy göreşmek üçin işjeň çäreleri gördüler. Mundan başga-da, ýurt çybynlaryň köpelýän ýerlerini ýok etmäge we öýlerde insektisidleriň ulanylmagyny ýokarlandyrmaga üns berdi. 2020-nji ýylda – ýurtda gyzzyrmanyň ýerli geçişiniň ýok bolan dört ýylyndan soň, Hytaý bu keseliň ýokdugy barada şahadatnama almak üçin BSGG ýüz tutdy. Şu ýylyň maý aýynda HHR-e ýurduň gyzzyrmadan azatdygyna we degişli öňüni alyş maksatnamalarynyň bardygyna göz ýetirmek üçin, şahadatnama boýunça garaşsyz iş toparynyň hünärmenleri bardy. 


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 15:54
4.2k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....