Aşgabatda «Arkadag» myhmanhanasy açyldy

  • 30.06.2021 15:42
  • 32k+

29-njy iýunda Aşgabatda kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Myhmanhana Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan guruldy. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.
14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.
«Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderine binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
«Ak öý» görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutany bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


20.10.2025 10:01
7k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.10 - 26.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

13.10.2025 06:15
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.10 - 19.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

09.10.2025 16:34
2.3k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze şowhunly sirk çykyşlaryna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 12-nji oktýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly...

06.10.2025 10:59
5k+

Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellenildi

3-nji oktýabrda Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi. Dabara jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň, ilçihanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, guramada habar berdiler...