Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy özara bähbitli birnäçe möhüm resminamalara gol çeker

  • 27.06.2021 08:50
  • 11k+

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Sapara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi.
Häzir däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär.
Türkmenistan hem-de Gyrgyz Respublikasy abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem işjeň hereket edip, birek-birege özara goldaw berýärler.


düýn 22:17
681

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......