27-28-nji iýunda Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

  • 26.06.2021 17:38
  • 7.8k+

27-28-nji iýunda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistana resmi iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Sputnik agentligi Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Iş saparynyň çäginde Sadyr Japarow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.
Şeýle-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, sebit we halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy habarda bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, 28-29-njy iýunda Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Täjigistana resmi iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Ulugbek Maripow gyrgyz parlamentiniň geçen penşenbe güni geçiren duşuşygynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň Türkmenistana amala aşyrjak iş saparynyň dowamynda türkmen tebigy gazyny import etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.


düýn 18:57
1.2k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
973

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......