Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparynda gaz meselesini maslahatlaşar

  • 18.06.2021 21:31
  • 20k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bişkek ýylylyk elektrik bekedine gaz ibermek meselelerini maslahatlaşar. Bu barada 17-nji iýunda Respublikanyň parlamentinde premýer-ministr Ulukbek Maripow belledi diýip, Kaktus.media habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu mesele Japarowyň Türkmenistana saparynyň barşynda maslahatlaşylar. Premýer-ministr saparyň wagty barada aýtmady.

«Prezident bu ýurda iş saparyny amala aşyrar. Saparyň barşynda energetiki meselelere garalar: elektroenergiýa, gaz... Häzirlikçe Bişkek ýylylyk elektrik bekediniň gaz üpjünçilik meselesi açyk» — diýip Maripow belledi.

AKIpress agentliginiň bellemegine görä, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy maslahatlaşylar.

«Bu gaz geçiriji gurulmaly, bu halk üçin zerur. Ol bähbitli bolar» - neşir Sadyr Japarowyň geçen ýylyň 12-nji noýabrynda metbugat maslahatynda eden çykyşyndan sözlerini getirýär.

Ýanwar aýynda gyrgyz häkimiýetiniň tabşyrygy boýunça Bişkek ÝEB-ni kömürden gaza geçirmek meselesi işlenip başlandy. Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Artýom Nowikowyň bellemegine görä, eger-de, Hökümet «Gazprom» kompaniýasy bilen ylalaşsa, onda ÝYB gaz bilen işlemäge geçiriler.

13.06.2026 15:16
6.3k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
10k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....