Zaýalanan azyk önümleri düwnük keselini ýüze çykaryp biler

  • 19.06.2021 18:19
  • 6.3k+

Zaýalanan azyk önümleri keselleri, şol sanda düwnük keselini ýüze çykaryp bilýän köp mukdardaky mikroorganizmler bilen zäherlenýärler. Olaryň zyýany barada «СберЗдоровье» lukmançylyk serwisiniň onkolog lukmany Suna Isakowa lenta.ru internet saýtynyň üsti bilen käbir maglumatlary ýetirdi.

Şunlukda, aspergillýus gelip çykyşly heňlän kömelekler tarapyndan çykarylýan aflatoksin maddasynyň adamyň bagrynda düwnük keselini döredýändigi ýüze çykaryldy. Şular ýaly kömelekler, esasan, däneli ekinlerde, arahisde, tokaý hozunda hem-de pes hilli däneli ekinler bilen iýmitlenen sygyrlaryň süýdünde has köp ýüze çykarylýar.

«Zyýanly maddalar wena gan damarlary arkaly bagra düşýär we bagyr öýjükleriniň DNK-syny zaýalaýar hem-de olarda çiş döredýän mutasiýalary ýüze çykarýar, ýiti aflatoksin zäherlenmesi bolsa adamyň janyna örän uly howp salýar» diýip, Isakowa aýdýar.

Lukmanyň sözlerine görä, azyk önümleriniň zäherlenmesi hasyl ýygnalmazdan öň, ýygnalýan wagty ýa-da ondan soň ýüze çykyp biler. Sporalar mör-möjekler, gemrijiler we guşlar arkaly ýaýradylyp bilner. Zäherlenmeden soň azyk önümleriniň daşky görnüşiniň üýtgemeýändigi bilen baglylykda, olaryň düzümindäki zyýanly maddalary ýüze çykarýan usullar işlenip taýýarlanyldy. Eger-de önümlerde onuň möçberi gereginden artyk bolsa, olary ýok edýärler.
Muňa garamazdan, kiçi önümçilikleri hemişe gözegçilikde saklamak kyn bolýar. Şoňa görä-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy zäherlenmeleriň öňüni almak üçin maslahatlary işläp düzdi. Şunlukda, däneli ösümlikleri we hozy saýlap almak üçin olary ünsli barlamak gerek. Şu hili önümler satyn alnanda, uzak ýerlerden getirilýänlerini däl-de, mümkin boldugyndan, satylýan ýere ýakyn bolan önümçilik kärhanalarynda öndürilen ter önümleri almak maslahat berilýär. Şeýle-de meşhur önüm öndürijileriň önümlerini saýlamak, azyk harytlarynyň saklanyş düzgünlerini dogry berjaý etmek, olary uzak wagtlap saklamazlyk zerurdyr.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......