Türkmenistan boýunça 734 müň 45 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy

  • 18.06.2021 16:08
  • 8.1k+

Häzire çenli Türkmenistan boýunça 734 müň 45 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 52,43 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer E.Orazgeldiýew sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça hemme zerur çäreler görülýär.
Wise-premýer döwlet harmanyna tabşyrylýan bugdaý hasyly üçin kärendeçi gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek hem-de kabul edilen hasyly ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde işletmek hem-de welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.


düýn 10:49
3.1k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
6.3k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......