2020-nji ýylda RF-niň Ulýanowsk sebiti bilen Türkmenistanyň söwda dolanyşygy ýokarlandy

  • 16.06.2021 20:15
  • 12k+

2020-nji ýylda Russiýanyň Ulýanowsk sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,280 million dollara barabar boldy diýip, Trend-e Ulýanowsk sebitiniň gubernatorynyň we hökümetiniň metbugat gullugynda habar berildi.

Şol sanda 1,251 million dollar möçberde pagta import edildi. 

“2019-njy ýylda söwda dolanyşygynyň mukdary 403,7 müň dollara, şol sanda eksport 60,1 müň dollara, import 343,6 müň dollara barabar boldy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Maglumatlara görä, Ulýanowsk sebitiniň kompaniýalary daşary ýurt hyzmatdaşyny awtomobil şaýlary üçin podşipnikler we UAZ awtomobilleri bilen üpjün etdiler. Şeýle-de, Ulýanowsk sebitinde “Parahat” medeniýeti gorap saklamak we ösdürmek boýunça sebitleýin türkmen jemgyýetçilik guramasynyň hereket edýändigi bellenildi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Trend-e habar bermegine görä, 2020-nji ýylda rus-türkmen söwdasynda oňyn ösüş dowam etdi, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygy 39,6 göterim ýokarlanyp, 970,2 million dollara ýetdi (türkmen gaz üpjünçiligini hasaba almazdan). Eksportuň göwrümi 19,6 göterim (649,5 million dollara çenli), import 11,6 göterim (320,6 million dollara çenli) ýokarlandy.

“2020-nji ýylda Türkmenistana, esasan, metallar we metal önümleri; azyk harytlary we oba hojalyk çig mallary; himiýa senagatynyň önümleri; maşynlar, enjamlar we ulag serişdeleri eksport edildi” – diýip, ministrlik belledi.

Türkmenistandan importuň esasy önümleri himiýa senagatynyň önümleri; dokma önümleri, ondan taýýarlanan önümler we aýakgap; azyk harytlary we oba hojalyk çig mallary; mineral önümler boldy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......