Serdar Berdimuhamedow RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen dabara gatnaşdy

  • 15.06.2021 20:57
  • 19k+

12-nji iýunda RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynda Russiýanyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow dabara hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Saýtyň habar bermegine görä, Russiýanyň güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreler geçirildi. Hususan-da, A.S.Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik; Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen brifingi; Russiýanyň ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan guralan Türkmenistanyň halk artisti G.Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar toparynyň konserti geçirildi.


şu gün 12:31
1.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

04.06.2026 16:07
3.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......