“Ford” kompaniýasy täze kiçi elektropikap çykarar

  • 15.06.2021 19:53
  • 9.7k+

“Ford” kompaniýasy muşdaklaryny elektrik awtoulag modelleri bilen begendirmegi wada berýär. Indi bolsa kompaniýa täze modeliň - kiçi elektrik pikapyň çykjakdygyny mälim etdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Aýdylmagyna görä, täze modeliň kompaniýanyň aragatnaşyk menejeri Maýk Lewin tarapyndan muşdaklara görkezilen suraty eýýäm internet ulgamynda ýaýrady. Suratda poluň aşagyndan geçýän batareýa bilen enjamlaşdyrylan kiçi pikapyň suduryny görmek bolýar.
Dogry, kompaniýa täze önüm baradaky maglumatlary heniz doly aýan etmeýär. Şoňa laýyklykda, onuň “Ford Maverick” modeliniň elektrik analogy bolup biljekdigi çaklanylýar. Başga bir tarapdan, onuň original awtoulag bolmagy-da mümkin.
Ýeri gelende bellesek, hünärmenler täze awtoulagyň bahasy 30 müň dollardan geçmez diýip çaklaýarlar.


05.06.2026 15:49
3.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.9k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......