Sotheby's auksionynda sanly surat rekord derejede - 11,8 million dollara satyldy

  • 15.06.2021 18:13
  • 5.4k+

"Covid Alien" diýlip atlandyrylýan sanly surat Londondaky meşhur Sotheby's auksion öýünde rekord derejede, ýagny 11,8 million dollara satyldy. Bu barada anna güni Sputnik gullugy habar berdi.

"Birnäçe minut öň Londonda "Covid Alien" atly seýrek duş gelýän CryptoPunk eksponaty 11,8 million dollara satyldy we CryptoPunk ekspinatlarynyň gymmaty boýunça täze dünýä rekordyny goýdy" -diýip, auksion öýi özüniň Twitter hasabynda mälim etdi.

Sanly sungat boýunça 3-nji iýundan bäri dowam edip gelýän “Natively Digital” auksionynda 27 suratkeşiň eseri sergilenýär diýip, çeşme belleýär.
Ýeri gelende bellesek, rekord derejedäki baha bilen satylan sanly sungat eserinde - "Covid Alien" sanly suratynda kellesi başgaply we ýüzi lukmançylyk örtükli gelmişegiň keşbi şekillendirilipdir.


düýn 21:50
2.1k+

Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy...

düýn 21:26
1.8k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

14.01.2026 11:19
2.9k+

Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär...

13.01.2026 23:25
3.2k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...