Rak keselli adamy onuň sesinden tanap bolýar

  • 15.06.2021 18:07
  • 39k+

Lukman Žan-Pýer Ginnon «Express» neşirine adamda rak keseliniň bardygyny nädip onuň sesiniň kömegi bilen anyklap bolýandygyny aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Neşir edilen maglumatlara görä, adamyň sesiniň hiç hili sebäpsiz öz-özünden gyryljyk çykmagy onuň galkan şekilli mäzinde rak keseliniň bardygyny görkezip biler.

"Eger bu dowam etse we üç hepdeden soň hem aýrylmasa, onda kömek sorap, lukmana ýüz tutmaly"-diýip, hünärmen belleýär. Şol bir wagtyň özünde, lukman sesiň gyryljyklygy hökman galkan şekilli mäzde zyýanly çişiň bardygyny görkezýär diýip düşünmeli däldigini, munuň adaty bakteriýa ýokuşmasynda hem ýüze çykyp bilýändigini duýdurýar.

Şeýle hem lukman bokurdagyň golaýyndaky çişlere, boýundaky limfa düwünlerine, kynlyk bilen ýuwdunmak we dem almakdaky kynçylyklar ýaly alamatlara gezek gelende, ünsli bolmagy maslahat berýär. Bu alamatlar galkan şekilli mäziň rak keseliniň bardygyny görkezip biler we olary äsgermezlik etmek howpludyr diýip, hünärmen nygtaýar.


07.01.2026 10:53
3.2k+

Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär...

26.07.2025 16:48
5.4k+

Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”

Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar. Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy...

19.07.2025 06:36
9k+

Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi

Beýik Britaniýada nesil yzarlaýan agyr keseliň öňüni almak boýunça synag işleriniň çäklerinde üç adamyň DNK-synden sekiz sagdyn çaga dünýä indi. Lukmançylyk öňegidişligi barada Sky News we The Guardian habar berdi...

20.06.2025 10:47
3.8k+

Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar...