Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

  • 09.04.2026 14:53
  • 2.9k+

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi.

Ministr öz çykyşynda: «Türkiýe taryhynda ilkinji gezek öz barlaghanalarynda, hassahanalarynda we alymlary bilen bilelikde täze bir molekulany ýüze çykardy. Synaglaryň I tapgyry örän üstünlikli geçdi» diýip belledi.

Taslama Bosfor uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Molekulanyň tapylmagyndan başlap, barlaghana synaglaryna çenli ähli işler ilkinji gezek dolulygyna Türkiýäniň içinde amala aşyrylýar.

Bu derman özboluşly tehnologiýasy arkaly göni rak öýjüklerine gönükdirilýär. Bu bolsa bejergiň täsirini artdyrmaga we zyýanly taraplaryny azaltmaga kömek edýär.

Eger synaglaryň ikinji we üçünji tapgyrlary hem şowly tamamlansа, Türkiýe täze dermanyny bütin dünýä ýaýratmagy meýilleşdirýär.


düýn 23:14
4.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....