Popkornyň beden üçin peýdaly taraplary öwrenildi

  • 16.06.2021 14:37
  • 9.5k+

Skranton uniwersitetiniň hünärmenleri popkornyň bedene ýetirýän täsirini anyklamak maksady bilen, ýörite barlag geçirdiler. Netijede, bu önüm beden üçin peýdaly diýlip hasap edildi. Muny ferra.ru habar berdi.

Hünärmenler, hususan-da, polifenollara baý popkornyň düzümine ünsi çekdiler. Polifenolyň öýjükleri zeperlerden goramak üçin jogapkär antioksidantdygyny biz bilýäris. Mundan başga-da, käbir işleriň dowamynda polifenollaryň prostata we döş mäzini öz içine alýan käbir düwnük keselleriniň döremek ähtimallygyny azaldyp biljekdigi hem ýüze çykaryldy. Amerikanyň düwnük barlagy institutynyň hünärmenleriniň pikiriçe, polifenollar zyýanly öýjükleriň ýaýramagy üçin zerur fermentleriň petiklenmegine ýardam edýär.
Mundan ozal TmCars.info galkan şekilli mäziň rak keselini adamyň sesinden anyklap bolýandygyny ýazypdy. Muny lukman Žan-Pýer Žinnon aýtdy. Onuň bellemegine görä, sesiň gyryljyklygy üç hepdäniň dowamynda aýrylmasa, onda bu adamda galkan şekilli mäziň rak keseliniň bardygynyň alamaty bolup bilýär diýip, çeşme belleýär.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....