Çägeden nädip jaý gurmaly?

  • 12.06.2021 17:46
  • 26k+

Dünýäde çölleşme hadysasyna gözegçilik edilýär — tokaýlaryň çapylmagy, öri meýdanlarda sürüleriň bakylmagy we gurluşyklar topragy çäge bilen tozanyň ekin bitmeýän garyşmasy bolmagyna getirýär. Birleşen Arap Emirlikleri çölleşme hadysasy bilen ozaldan tanyş — onuň ýerleriniň 75 göterimini çöller tutýar. Bilermenler bu tebigy resursy has netijeli peýdalanmak we öwrenmek üçin Dubaýa geldiler. Bu barada euronews.com giňişleýin maglumat berýär.

Çägeden kerpiçler
Çäge eýýäm suwdan soň ulanylýan tebigy resurslaryň arasynda ikinji orunda durýar. Ony gündelik harytlar bolan aýnadan we kosmetiki serişdelerden başlap, ýokary tehnologiýaly Gün batareýalarynyň önümçiligine çenli täze görnüşe getirdiler. Ýöne çäge, esasan, gurluşykda has köp ulanylýar.
2019-njy ýylda dünýäde kremniniň we kwarsyň importy üçin 1 milliarda golaý ýewro harçlandy, Birleşen Arap Emirlikleri bolsa import edijileriň arasynda dördünji boldy. Munuň özi çägäniň gurluşyk materialyna öwrülmegi üçin onuň dykyzlygynyň we digir-digirliginiň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr. Häzir bu ýerde mikroorganizmleriň fermentlerini ulanyp, çägäni gurluşyk bloklaryna öwürmek prosesi gözegçilikden geçirilýär.

«Bu proses örän haýal we gymmada düşýär, diýmek, ulanmak üçin amatsyz» diýip, doktor Stiwen Uilkinson aýdýar.

Bu prosesi tizleşdirmek üçin ol kösükli ösümlikleriň hem-de tohumlaryň gözegçilik edip bolýan fermentlerini öwrenýär. Bu mikroblary ýa-da fermenti ulanmagyň artykmaçlygy nirede gurluşyk gidýän bolsa şol ýere eltip boljak materialyň möçberinde jemlenýär. Diýmek, siz özüňize amatly bolan çägäni ulanyp we ony mikroorganizmler bilen berkidip bilersiňiz.

Stiwen Uilkinson,
Dubaýyň Wullongong uniwersitetiniň dosenti:
— Ýewropa komissiýasynyň maglumatlaryna görä, çölleşme hadysasy Ýewropa Bileleşigine ýylda onlarça milliard ýewro düşýär. Eger-de süýji suwlaryň we hasylyň ýitgisiniň garşysyna durulmasa, ol 2050-nji ýyla çenli gury ýeriň 90 göteriminiň degradasiýasyna getirip biler.
Dünýä ýüzi ählumumy çäge çökgünligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, bu meseläniň gaýry goýulmagy bolsa ony doldurmakdan has çalt täsir edýär, tutuş ekosistemalar we oba hojalygy üçin ýaramly ýerler ýok edilýär. Bu prosesi yza gaýtarmak bolsa, käbir alymlaryň pikiriçe, çöller hakyndaky ylymda jemlenýär. 

Maý Şalabi,
BAE-niň ICBA toprak muzeýiniň kuratory:
— Alymlar ösümlikler üçin suwdan we iýmit serişdelerinden has berk garyndyny döretmek maksady bilen, çägedäki bakteriaýalaryň we kömelekleriň möçberini artdyrýarlar. Şeýle hem bu ýerde finik palmasynyň köp sanly galyndylary biologik kömre öwrülýär. Ýüze çykarylýan uglerod çäge üçin topragy gowulandyryjy bolup hyzmat edýär.
Klimat tehnologiýalary boýunça iş alyp barýan «Desert Control» kompaniýasy suwuklyk görnüşindäki nanopalçyklaryň kömegi bilen, bu prosesi tizleşdirmek isleýärler. Kompaniýada aýtmaklaryna görä, ol, takmynan, 7 sagadyň dowamynda çölüň çägesini hasyl berýän topraga öwrüp biler. Eger tebigy usullarda etjek bolsaň, bu proses 7 ýyla çeker.


04.06.2026 19:55
4.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.9k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....