«Sputnik V» sanjymyny oýlap tapanlar ylym boýunça döwlet baýragyny aldylar

  • 12.06.2021 15:54
  • 7.7k+

Russiýanyň 2020-nji ýyldaky ylym ulgamynda barlaglarda görlüp-eşidilmedik sepgitler üçin Döwlet baýragy koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymyny döredenlere gowşuryldy. Bu baýragy Gamalei adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa merkeziniň direktory Aleksandr Ginsburg, onuň ylmy işler boýunça orunbasary Denis Logunow hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň polkownigi Sergeý Borisewiç aldy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Andreý Fursenkonyň sözlerine salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.

«Aleksandr Ginsburg, Denis Logunow we Sergeý Borisewiç — bu atlar eýýäm jemgyýetde giňden meşhur. Olaryň «Sputnik V» sanjymyny oýlap tapmagynyň üstünligi ýöne ýerden däl — Russiýada eýýäm olar tarapyndan beýleki sanjymlaryň platformalary, şol sanda Ebola ýokanjyna garşy sanjym hem döredildi. Bu adamlar, gürrüňsiz, baýraga we jemgyýetiň çäksiz ünsüne mynasyp» diýip, Fursenko aýdýar.

Döwlet baýragynyň eýeleri 10 million rubl, diplom, hormat we frak nyşanlary bilen sylaglanýar. Sylaglamak dabarasy şu gün, 12-nji iýunda bellenilýän Russiýanyň gününde geçiriler.


10.05.2026 18:46
4.1k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 00:12
4.5k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....

11.01.2026 12:28
3.3k+

Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär...

16.12.2025 19:27
5.6k+

Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy...