Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti BAE sapar amala aşyrdy

  • 12.06.2021 12:21
  • 17k+

10-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Soňra BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy we beýleki pudaklardaky özara hereketleriň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BAE-ne guralan bu saparynyň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdiler. Taraplar Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän we şol sanda türkmen tarapynyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýan «EKSPO-2020» halkara sergisiniň hem ähmiýetini nygtadylar.
Şonuň ýaly-da, türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan bilen hem gepleşikleri geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler.

Saparyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......