Efiopiýaly türgen 10 000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 10.06.2021 22:27
  • 4.8k+

Efiopiýaly türgen Letesenbet Gideý Niderlandlarda geçirilen ýaryşda 10 000 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Trend habar berýär.

23 ýaşly türgen bu aralygy 29 minut 1,3 sekuntda geçdi we netijede, niderlandly Sifan Hassan tarapyndan 5-nji iýunda goýlan rekordy täzeledi.

“Men dünýä rekordyny goýmagy göz öňünde tutupdym. Elbetde, indiki gezek men öz rekordymy täzelemäge we 29 minutdan çykmaga synanyşaryn” – diýip, Gideý aýdýar.

Gideý 23 ýaşynda bolup, dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysydyr. Onuň hasabynda kross boýunça dünýä çempionatynyň bäş altyn medaly we bir kümüş medaly bar.


düýn 01:02
1.4k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.3k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.5k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......

09.04.2026 11:36
1.1k+

World Athletics marafon boýunça aýratyn dünýä çempionatyny döreder

Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) özüniň resmi saýtynda 2030-njy ýyldan başlap, marafon ylgawy boýunça aýratyn dünýä çempionatynyň dörediljekdigini yglan etdi....