Niderlandly zenan türgen 10 km aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 08.06.2021 20:53
  • 6.9k+

Niderlandly ýeňil atletikaçy Sifan Hassan Niderlandlarda geçirilen ýaryşlarda 10000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Halkara ýeňil atletika federasiýasy habar berýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

Türgen bu aralygy 29 minut 6,82 sekuntda geçdi. Mundan öňki rekord 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda goýuldy. Rekord efiopiýaly türgen Almaz Aýana degişli bolup, ol 29 minut 17,45 sekuntdy.

“Bu biziň Tokio taýýarlyk görüp, ýerine ýetiren zähmetimiziň ajaýyp tassyklamasydyr. Men niderlandly janköýerlerimiň öňünde rekord goýandygym üçin örän şat” – diýip, türgen aýtdy.

Sifan Hassan iki gezek dünýä çempiony we iki gezek Ýewropa çempiony boldy.


şu gün 12:21
213

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....