Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 1 minut 52,69 sekuntda 30 müň dollar gazandy

  • düýn 08:54
  • 156

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Rekord Singapurda geçirilýän sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalda ýüzülende goýuldy.

Marşan aralygy 1 minut 52,69 sekuntda geçdi.
Öňki rekordy amerikaly türgen Raýan Lohte goýupdy we netije 1 minut 54,00 sekunt bolupdy. Lohte bu üstünligi 2011-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalynda gazanypdy.
Leon Marşan dört gezek Olimpiýa çempiony we bäş gezek dünýä çempionydyr. Dünýä rekordyny täzeläni üçin türgen 30 000 dollarlyk çek aldy.
200 metr aralyga ýüzmek boýunça jemleýji ýaryş 31-nji iýulda geçiriler. Sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionaty 3-nji awgustda tamamlanar.


16.07.2025 18:17
10k+

Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi...

08.07.2025 17:49
16k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

21.06.2025 12:22
8.5k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...

16.06.2025 11:05
4.2k+

Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi...