44 ýaşly braziliýaly derwezeban futboldaky oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 21.08.2025 16:32
  • 8.8k+

“Fluminenseniň” braziliýaly derwezebany Fabio professional futbolda gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Onuň hasabynda indi 1391 oýun bar.

44 ýaşly futbolçy çarşenbe güni Günorta Amerika kubogynyň 1/8 finalynyň Kolumbiýanyň “Amerika De Kali” toparyna garşy oýnuna başlangyç düzümde çykdy. Duşuşyk “Fluminenseniň” 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
Fabio 1390 oýna gatnaşan Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Piter Şiltonyň rekordyny täzeledi. Sanawda üçünji orny 1284 oýun bilen Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeleýär.
Fabio 2022-nji ýyldan bäri “Fluminensede” çykyş edýär. Ondan öň Braziliýanyň “Unian Bandeýrante”, “Atletiko Paranaense”, “Kruzeýro” we “Wasko da Gama” klublarynda oýnady. Ol üç gezek Braziliýanyň çempiony boldy.
Şeýle-de, oňa Libertadores Kubogynda we Günorta Amerika Kubogynda gazanylan ýeňişleriň sany boýunça rekordlar degişlidir. 


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......