Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 16.07.2025 18:17
  • 10k+

Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi.

Pol kitaba Most Valuable Promotions (MVP) promouter gullugynyň başlygy hökmünde girdi. Bu çärede absolýut dünýä çempionlarynyň gatnaşmagyndaky söweşleri hem goşmak bilen, bäş sany titul söweşi boldy.
Agşamyň esasy söweşinde Keýti Teýlor eminler köplüginiň karary bilen Amanda Serranony ýeňdi we 63,5 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony diýen ady gorady.
Bilelikdäki ýaryşda Alisiýa Baumgardner 59 kilograma çenli agramda Jennifer Mirandany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazanyp, absolýut  çempion derejesini saklady.
Çerneka Jonson Şuretta Metkalfy möhletinden öň ýeňdi - emin dokuzynjy raundda söweşi saklady. Jonson 53,5 kilograma çenli agram derejesinde absolýut çempion diýen ady saklady.
Elli Skotni eminleriň biragyzdan gelen karar bilen Ýamilet Merkadony ýeňdi we
55,3 kg agram derejesinde WBC-niň, IBF-iň we WBO-nyň titulyny gazandy.
Şedeýşa Grin eminleriň bölünen karar bilen Sawanna Marşaly ýeňdi we 76,2 kg agram derejesinde IBF-iň we WBO-nyň çempiony boldy.


02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....