"Cineworld" ABŞ-daky we Angliýadaky ähli kinoteatrlary ýapýar

  • 07.10.2020 02:15
  • 4.4k+

Ululygy boýunça dünýäde ikinji kinoteatrlar torunyň operatory “Cineworld” ABŞ-daky we Angliýadaky teatrlarynyň hemmesiniň ýapylýandygyny habar berdi. Olar 8-nji oktýabrda - penşenbe güni öz işini bes ederler. Bu habar kommersant.ru habar berýär.

Bu habar "Cineworld"-yň gymmatynyň ep-esli pese gaçmagyna sebäp boldy: onuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 60% arzanlady.
Ondan öň “Cineworld”-yň COVID-19-yň ikinji ýaýrawy we “Universal” kinostudiýasynyň “Ölmegiň wagty däl” we “Forsaž 9” filmleriniň premýeralaryny indiki ýyla çenli yza süýşürmek karary sebäpli ABŞ-da, Angliýada we Irlandiýada zallary ýapmak mümkinçiligine seredýändigi habar berlipdi.

"Bu täze relizler bolmasa," Cineworld" ABŞ-da we Angliýada - kompaniýanyň esasy bazarlarynda müşderileri COVID-19 döwründe teatrlara gaýdyp gelmek barada pikirlenmek üçin zerur bolan köp sanly täjirçilik filmleri bilen üpjün edip bilmez" diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Umuman alanyňda, kompaniýa ABŞ-da “Regal Cinemas” markaly 536 kinoteatry we Angliýada “Cineworld” we “Picturehouse” markaly 127 kinoteatrlary ýapýar. Neşiriň öz çeşmesine salgylanyp belleýşi ýaly, operatoryň ýolbaşçylygy ulgamyň kinoteatrlarynyň haçan açyljakdygy barada entek karara gelmedi. Munuň diňe 2021-nji ýylda bolmagy ähtimal diýlip, habarda bellenilýär.

şu gün 12:00
1.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
658

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
837

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......