“Forsaž 9” pandemiýa sebäpli ýene-de yza süýşürildi

  • 05.10.2020 22:58
  • 8.7k+

Universal kompaniýasy “Forsaž 9” filminiň premýerasyny koronawirus pandemiýasy sebäpli ýene-de yza süýşürdi. Bu barada Deadline web saýtyna salgylanyp, piter.tv habar berýär.

Dokuzynjy filmiň sýužeti heniz mälim edilenok. Ýöne onda esasy ganhoryň Dominigiň dogany boljakdygy belli, onuň keşbini restler Jon Sina ýerine ýetirýär. Win Dizel we Mişel Rodriges ýaly adaty gahrymanlardan başga-da, filmiň dowamynda eýýäm tanyş bolan gahrymanlar Natali Emmanuel, Helen Mirren, Jordany Brýuster, Taýriz Gibson, Ludakris we Şarliz Teron peýda bolar.
Filmiň premýerasy 2-nji aprelden 2021-nji ýylyň 28-nji maýyna geçirildi. Ýeri gelende bellesek, Universal premýeranyň senesini MGM kompaniýasynyň üstümizdäki ýylyň noýabrynda çykmaly bolan “Ölmegiň wagty däl” filmini 2-nji aprele geçireninden soň üýtgetdi. Ilkibaşda lentany 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda çykarmak islediler, ýöne koronawirus pandemiýasy meýilnamany üýtgetdi. Soň filmiň 2021-nji ýylyň aprelinde çykmagyna garaşylýardy, indi premýera maý aýyna bellenildi.

şu gün 12:00
1.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
658

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
837

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......