Jeýms Bond hakyndaky täze filmiň premýerasy 2021-nji ýyla süýşürildi

  • 04.10.2020 23:45
  • 4.5k+

Jeýms Bond hakyndaky “Ölmegiň wagty däl” atly täze filmiň premýerasy 2021-nji ýyla yza süýşürildi. Bu barada filmiň resmi twitter sahypasyna salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

Habarda baş keşbi Deniel Kreýg janlandyrýan filmiň 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde - başda meýilleşdirilendäkisinden bir ýyl soň çykjakdygy aýdylýar. Bondiananyň nobatdaky filminiň premýerasy şu ýylyň mart aýynda koronawirus pandemiýasy we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli yza süýşürilmeli bolupdy. “Ölmegiň wagty däl” filminiň Angliýada 2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda we Demirgazyk Amerikada 20-nji noýabrda ekranlara çykmagy meýilleşdirilipdi. Şeýle hem film 19-njy noýabrda Russiýada prokata çykmalydy.
Bondiananyň täze bölümine Keri Fukunaga režissýorlyk etdi. Filmde Rami Malek, Lea Seýdu we Laşana Linç dagylar hem çykyş edýär.

şu gün 15:52
1.2k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
894

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....