Ýaponiýada täze premýer-ministriň saýlaw güni belli edildi

  • 31.08.2020 19:25
  • 3.6k+

Sindzo Abe möhletinden öň işden gideninden soň, täze premýer ministr sentýabryň ortalarynda saýlanylar diýlip, Kyodo agentligi habar berýär. Muny rosbalt.ru ýetirýär.

Hökümete dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň 14-nji sentýabrda saýlanyljak başlygy ýolbaşçylyk eder. 17-nji sentýabrda parlament täze premýeriň dalaşgärligini maslahatlaşmak we tassyklamak üçin mejlise ýygnanyşar.
Iki wezipä üç sany dalaşgär bar: eks-ýolbaşçy Fumio Kisida, hökümetiň baş sekretary Ýesihida Suga we Goranmak ministrliginiň hem-de Oba hojalyk ministrliginiň ozalky ýolbaşçysy Sigeru Isiba.
Birnäçe gün mundan öň, Abeniň yzyny dowam etdirijiniň Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň baş sekretary Tosihiro Nikainiň bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

“Parlamentiň nobatdan daşary mejlisi 17-nji sentýabra meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Liberal-demokratik partiýa 14-nji sentýabrdaky lideriň wezipesine dalaşgärlik boýunça ses bermeklige soňky taýýarlyk işlerini alyp barýar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, 28-nji awgustda Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe kesel bilen baglylykda wezipesinden gitdi. Onda hroniki kesel – başly kolit beterleşdi we güýçli agyry döräp başlady.

düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......