BSGG Türkmenistana kislorod konsentratorlarynyň ugradylandygy barada habar berdi

  • 26.08.2020 23:49
  • 12k+

17-nji awgustda Türkmenistana 89 sany kislorod konsentratorlaryndan ybarat tapgyr gelip gowuşdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan iberilen bu ýük Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine muzdsuz esasda gowşuryldy. Bu barada BSGG-niň resmi saýtyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Dem almasy kyn bolan näsaglara niýetlenen bu enjamlar lukmançylyk edaralaryna paýlanylyp berler.
Kislorod konsentratory — bu daşky atmosferadan kislorodyň malekulalaryny bölüp almak, olary toplamak we arassa kislorod akymy görnüşinde bermek üçin niýetlenen enjam. Ol kislorod bejergisinde — ýagny, näsaga atmosfera howasyndakydan has ýokary konsentrasiýadaky kislorod berlende ulanylýar.
Bu hili enjam ýiti respirator kesellerine, şol sanda koronawirusa garşy göreşde peýdalanylýar.
Öň, habar berşimiz ýaly, BSGG-den Türkmenistana şahsy goranyş serişdeleriniň tapgyry gelip gowşupdy. BSGG ýurdumyza lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsini, respiratorlaryň 130 müňüsini, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragyny, äýnekleriň 18 müňden gowragyny hem-de halatlaryň 12 müňden gowragyny iberdi.
Ýatladyp geçsek, iýul aýynda Türkmenistana sapar bilen gelen BSGG-niň wekiliýeti ýurdumyzyň COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça netijeli çäreleri görendigini belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda koronawirus bilen kesellemegiň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

düýn 12:32
4.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......